Ygtybarly
logistika
hyzmatdaşyňyz
Ygtybarly
logistika
hyzmatdaşyňyz
“Ege Logistika”-nyň gurulmagynyň esasy maksady döwrüň talabyna laýyklykda ulag we logistika ulgamynda iň howpsuz we ygtybarly hyzmaty hödürlemekden ybarat. Ençeme ýyllyk logistika ulgamyndaky tejribelermize esaslanyp döredilen “Ege Logistika” Merkezi Aziýada demir ýol arkaly logistika hyzmatyny hödürleýär.
Demirýol gatnawlary diňe bir durnukly çözgüt bolman, eýsem logistikanyň beýleki görnüşlerinden bahasynyň has amatlylygy bilen hem tapawutlanýar.
Emma käbir ugurlarda diňe demirýol gatnawlary arkaly islendik nokatdan islendik nokada ýetmek mümkin däl.
Şol sebäpli, siziň ýüküňiziň almaly ýa-da eltip bermeli ýeri demirýol stansiýasyna uzaklygyna garamazdan, iň amatly demirýol ugruny emele getirmek üçin multimodal ýük gatnaw usulyny hem emele getirýäris we siziň üçin iň amatly çözgüdi hödürleýäris.
Türkmenistanyň çäginde önümçilik we söwda işlerini amala aşyrýan döwlet we hususy eýeçilige degişli edara-kärhanalar bilen birlikde daşary ýurt kompaniýalary hem biziň bilen işleşmegi saýlap alýar.
Ýüküň göwrümine, görnüşine, agramyna garamazdan hil we baha kepilligimiz müşderilerimiz bilen ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşygymyzy has hem berkitýär.
Şu güne çenli gara ýol we howa ýollary bilen logistika hyzmatyny amala aşyrýan kompaniýalar bolsa, biziň konsultasiýa hyzmatymyzy alanyndan soňra demir ýollary arkaly logistikalaryny amala aşyryp öz alyp barýan işlerini täze sepgitlere ýetirýärler.
Döwrebap, çalt, amatly logistika hyzmatyny daşary ýurtlar bilen işlemekde uly tejribe eýesi bolan ýaş we dinamiki hünärmenlerimiz bilen amala aşyrmagy esasy wezipämiz hasap etýäris.
Müşderilerimiz we hyzmatdaşlarymyz bilen guran biznes torumyz bilen hemmelere bähbitli we ynamdar biznesi dowam etdirmek bolsa biziň öňümizde goýan maksadymyz.
Logistika ulgamynda döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmagyň işimizi täze sepgitlere ýetirjekdigine ynanýarys we döwrebap metodikalary yzygiderli öz işimize ornaşdyrýarys.
“Ege Logistika”-nyň gurulmagynyň esasy maksady döwrüň talabyna laýyklykda ulag we logistika ulgamynda iň howpsuz we ygtybarly hyzmaty hödürlemekden ybarat. Ençeme ýyllyk logistika ulgamyndaky tejribelermize esaslanyp döredilen “Ege Logistika” Merkezi Aziýada demir ýol arkaly logistika hyzmatyny hödürleýär.